TGÝMJ-niň işinde ileri tutulýan ugurlar
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat Tagtabazar etrap bölüminiň işinde ileri tutulýan ugurlaryň biri-de maglumat ulgamydyr. Onuň bäş wezipesi: ilata Gyzyl Haç Hereketi we Jemgyýetiň işleri barada…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat Tagtabazar etrap bölüminiň işinde ileri tutulýan ugurlaryň biri-de maglumat ulgamydyr. Onuň bäş wezipesi: ilata Gyzyl Haç Hereketi we Jemgyýetiň işleri barada doly maglumaty bermek, onuň abraýyny hem-de beýleki guramalary we daşarky hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak, Gyzyl Ýarymaýyň işleri hakyndaky maglumatlary ilkinji nobatda ilatyň mätäçlik çekýän gatlagyna ýetirmek, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy hadysalarda heläkçilige duçar bolanlara tiz kömek bermek üçin degişli edaralara habar bermekdir. Meýletinçiler hereketi – Gyzyl Haç Hereketiniň berk binýadydyr. Meýletinçiler bolsa – ähli Milli jemgyýetleriň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýyň işiniň esasy hereketlendiriji güýjidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Jemgyýetiň meýletinçileri bar. Şäherde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda ýüzlerçe meýletinçiler zähmet çekýär, olar ak göwünli we meýletinlik bilen öz güýjini we wagtyny mätäçlik çekýän adamlara sarp edýärler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
