TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň "Zehin" ýaşlar merkeziniň meýletinçileri üçin Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dolandyrmak boýunça okuw-türgenleşik geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň «Zehin» ýaşlar merkeziniň meýletinçileriniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmak we özüňi dolandyrmak boýunça…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň «Zehin» ýaşlar merkeziniň meýletinçileriniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmak we özüňi dolandyrmak boýunça okuw-türgenleşik geçirildi. Okuw-türgenleşigiň dowamynda meýletinçilere adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan wagtynda özüňi nähili alyp barmalydygy, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek we kyn ýagdaýlarda dogry çözgüt kabul etmek barada degişli düşünjeler berildi. Şeýle hem meýletinçilere çadyry dogry we howpsuz ýerde ýerleşdirip gurmagyň usullary görkezildi. Alnan nazary bilimleri berkitmek maksady bilen meýletinçiler toparlara bölünip, çadyrlary gysga wagtyň içinde dogry gurmak boýunça bäsleşik geçirdiler. Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar özleriniň çalasynlygyny, başarnygyny we toparlaýyn işlemek ukyplaryny görkezdiler. Geçirilen okuw-türgenleşik meýletinçiler üçin gyzykly we täsirli bolup, olaryň adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek boýunça bilimlerini we amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Çäre meýletinçileriň arasynda uly gyzyklanma döredip, olarda ýakymly täsir galdyrdy.





Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

