TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölùminiñ meýletinçileri we işgärleri ùçin "Mähir we goldaw – zorluga garşy göreşiň güýji" atly wagyz işleri geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri we “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri üçin “Kyn durmuş ýagdaýyna düşen, goldawa mätäç…

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri we “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri üçin “Kyn durmuş ýagdaýyna düşen, goldawa mätäç maşgalalara ýardam bermek boýunça gulluklar” atly taslamasynyñ çäginde wagyz işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda milli konsultantlar zorluk bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmekde meýletinçiligiň, jemgyýetçilik goldawynyň we psihologik kömegiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Gatnaşyjylara jemgyýetde zenanlara we çagalara garşy zorluga garşy göreşmekde nähili çäreleri görmek, şeýle hem goldaw merkezlerine nähili ýüz tutmaly we kimden kömek soramalydygy barada maglumatlar berildi. Maslahatyň dowamynda “gyzgyn telefon ulgamynyň” işi barada hem giňişleýin gürrüň edildi. Hünärmenler şeýle çäreleriň jemgyýetde mähir, ynsanperwerlik we deňlik gymmatlyklaryny ösdürýändigini, şeýle hem zorlukdan ejir çekýänlere ýol görkezmekde möhüm orny bardygyny bellediler. Şeýle geçirilýän çäreler ýaşlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna, birek-birege goldaw bermegiň we jemgyýetde deň hukuklylygyň ornaşmagyna uly itergi berýär.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
