TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli geçirilen işçi duşuşygy
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň ýaşlar merkezleriniň işjeň meýletinçileriniň gatnaşmagynda “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli welaýat bölüminde işçi duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň ýaşlar merkezleriniň işjeň meýletinçileriniň gatnaşmagynda “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli welaýat bölüminde işçi duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly “Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir!” Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylymyň we bilimiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmakdaky baş maksatlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, olaryň ukyp başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, sanly ulgamdan, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp nazarýetdäki alan bilimlerini tejribeçilikde berkitmekleri ugrundaky işler esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy barada söhbet edildi. Garaşsyz döwletimiziň ýaşlary özüniň ylmy garaýyşlary bilen ýurdumyzy öz goşandyny goşarlar.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

