TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan “Halkara zenanlar” güni mynasybetli geçirilen duşuşugy
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri şäheriň çäginde ýaşaýan Mährem eneler bilen baýramçylyk duşuşyklaryny gurnadylar.…
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri şäheriň çäginde ýaşaýan Mährem eneler bilen baýramçylyk duşuşyklaryny gurnadylar. Welaýat bölüminiň meýletinçileri Mährem eneleriň öýlerine baryp baýramçylyklary bilen gutladylar. Mährem eneler meýletinçilere birnäçe öwüt-ündewler, täsirli wakalar barada gürrüňler berildiler. Bu gün gelin-gyzlaryň, eziz enelerimiziň şanyna Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi. Ene mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Duşuşygyň ahyrynda Mährem enelere welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu geçirilen duşuşyk meýletinçilerimizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
