Esasy mazmuna geç

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýaş zehinleriň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşy.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenilýär. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat…

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenilýär. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen Olimp sport mekdebinde 2008-2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşda ýeňiji bolanlara welaýat bölümi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar berildi. Yzygiderli türgenleşik adamy diňe bir beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem onda güýçli erkliligi, düzgün-nyzamlylygy, zähmete söýgüni we maksadaokgunlygy terbiýeleýär.

Beýleki habarlar