Siz daşary ýurtda ýerleşýän maşgala agzyňyz bilen ýaragly konflikt, tebigy betbagtçylyk ýa-da migrasiýa sebäpli aragatnaşygy ýitirdiňizmi?
Siz daşary ýurtda ýerleşýän maşgala agzyňyz bilen ýaragly konflikt, tebigy betbagtçylyk ýa-da migrasiýa sebäpli aragatnaşygy ýitirdiňizmi?


Siz daşary ýurtda ýerleşýän maşgala agzyňyz bilen ýaragly konflikt, tebigy betbagtçylyk ýa-da migrasiýa sebäpli aragatnaşygy ýitirdiňizmi?
Türkmenistandaky Gyzyl Haç Komitetiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýynyň missiýasy, ýakynlaryňyz başga ýurtlarda hem bolsalar, olaryň arasyndaky aragatnaşygy dikeltmäge kömek edýär.
Eger siz Türkmenistanyň raýaty bolsaňyz ýa-da onuň çäginde ýaşaýan bolsaňyz we ýakynlaryňyzy gözleýän bolsaňyz, şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:
Türkmenistandaky Gyzyl Haç Komitetiniň missiýasy — eger hossaryňyz daşary ýurtda uruş ýa-da ýaragly konflikt netijesinde ýitirim bolan bolsa.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýy — eger aragatnaşygyň ýitmegi migrasiýa, tebigy betbagtçylyk ýa-da başga adatdan daşary ýagdaý bilen baglanyşykly bolsa.
Habarlaşmak üçin salgılar:
📍 Türkmenistandaky Gyzyl Haç Komitetiniň missiýasy 📞 +993 12 945796 📧 Bu e-mail adresi istenmeyen posta engelleyicileri tarafından korunuyor. Görüntülemek için JavaScript etkinleştirilmelidir.
📍 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýy 📞 +993 12 931510 📧 Bu e-mail adresi istenmeyen posta engelleyicileri tarafından korunuyor. Görüntülemek için JavaScript etkinleştirilmelidir.
Biziň hyzmatlarymyz mugt, we bize ynanan maglumatlaryňyz siziň razylygyňyz bolmazdan üçünji taraplara berilmez.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

