“Saglyk-baş baýlyk” atly gürrüňdeşlik çäresi.
Hemişelik bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde,onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewiligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar uly işleri alnyp barylýar! Türkmenistanyň…
Hemişelik bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde,onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewiligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar uly işleri alnyp barylýar! Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň ilatyň arasynda “Göwreli aýallarda we gelin gyzlarda inçekeseliň döreýşi we bejergisi” barada bilelikdäki meýilnamasy esasynda,Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginde, 2024nji ýylyň awgust aýynyň 22-ne wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda ftiziatr lukmanlar çykyş etdi.Ol öz çykyşynda,göwreli aýallarda we gelin-gyzlarda inçekeseliň döreýşi we bejergisi barada aýdyp geçdi. Halypa lukmanymyzyň esasy nygtan wesýeti,eger kesel alamatlary ýüze çyksa,gijikdirmän şöhle barlaglary we umumy barlaglary geçirilmelidigini düşündirdi.Ondan soňra Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Saglyk Goraýyş we Durmuş Üpjünçilik böliminiň hünärmenler çykyş etdi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde hereket edýän “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň çäginde inçekeselli näsaglara bejergini üstünlikli tamamlamak üçin, ruhy–durmuş goldawyny berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginde zähmet çekýän gelin- gyzlaryň arasynda, sorag-jogaplaryň üsti bilen keseli wagtynda ýüze çykaryp, bejergi alynanda, keseli ýeňip geçip bolýandygy dowy düşindirildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
