“Ruhy saglyk beden saglygyň esasydyr”
Halkyň bagtyýar, bölelin, sagdyn, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni halkyň bähbidine…

Halkyň bagtyýar, bölelin, sagdyn, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni halkyň bähbidine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde “Pähim paýhas ummany – Magtymguly pyragy” ýylynda ýaşlary watansöýüji sagdyn ruhda terbiýelemek maksady bilen saglygymyzy gorap saklamak hem-de ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň zyýanlaryny peseltmek barada, TGÝMJ Türkmenbaşy etrap bölüminiň işgärleri orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzgyderli geçirýärler. Türkmenbaşy etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnaýan okuwçylaryň arasynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bilen bilelikde “Ruhy saglyk – beden saglygyň esasydyr” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda zyýanly endiklerden ýaş nesilleriň daşda durmaklary ündeldi. Ýaş nesilleriň giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilenligi barada giňişleýin aýdylyp geçildi. Gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuwladylar!
TGÝMJ-niň BWB-niň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili G.Begmämmedowa

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
