Ösüşiň täze tapgyrynda
2026-njy ýylyň awgust aýynyň 04-ne TGÝMJ-iň Lebap welaýat bölüminiň Kerki etrap wekili Ýa.Ýoldaşowanyň Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginde zähmet çekýän işgärleriniň gatnaşmagynda “Ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň…

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 04-ne TGÝMJ-iň Lebap welaýat bölüminiň Kerki etrap wekili Ýa.Ýoldaşowanyň Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginde zähmet çekýän işgärleriniň gatnaşmagynda “Ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti” atly Jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde wagyz-nesihat işleri geçirildi.
Çärede jemgyýetiň alyp barýan işleri barada giňişleýin hem gyzykly gürrüň berildi. Şeýlede maşgala mukaddesligi, howanyň üýtgemegi bilen adamyň saglygyna ýetirýän zyýany barada, adam saglygynyň esasy gymmatlygy barada aýdylyp geçildi.
Ýetip gelýän baýramçylygyň öňi syrasynda geçirilýän Halk Maslahatynyň ähmiýeti halk köpçüliginiň goldamagynda il bähbitli kararlaryň teklipleriň seredilýändigi we seljeriländigi barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Çäräniñ ahyrynda Türkmen halkymyzy bolelin asuda durmuşda ỳaşadỳan Hormatly Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
