Esasy mazmuna geç

Orta Aziýada betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek ulgamlaryny berkitmegiň üsti bilen bileleşikleriniň durnuklylygyny döretmek

Orta Aziýada betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek ulgamlaryny berkitmegiň üsti bilen bileleşikleriniň durnuklylygyny döretmek

Orta Aziýada betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek ulgamlaryny berkitmegiň üsti bilen bileleşikleriniň durnuklylygyny döretmek

Ynsanperwer Kömegi we Raýat Goragy baradaky Ýewropa Toparynyň Baş Direktoraty Ýewropa Bileleşiginiň tarapyndan maliýeleşdirilýän DIPECHO taslamasy, haçan-da Merkezi Aziýa boýunça onuň dördünji tapgyrynyň iş ýüzüne geçirilmegi başlananda, Türkmenistanda öz işine 2007-nji ýylda başlady. Taslamanyň mazmuny adatdan daşary ýagdaýlarda (ADÝ) özüňi alyp barmagyň düzgünleri we ejir çekenlere ilkinji kömegiň berilmegi bolup durýar. 2014-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) 2015-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli möhlet bilen “Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek ulgamlaryny berkitmegiň üsti bilen bileleşikleriniň durnuklylygyny döretmek” taslamasy (DIPECHO-VIII) başlandy, onuň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we ilkinji kömegiň berilmegi boýunça ilatyň maglumatlylygyny ýokarlandyrmakdyr. Häzirki wagtda taslama öz işini tebigy betbagtçylyklara has duçar bolma töwekgelligi bolan iki welaýatlarda – Ahalda we Balkanda alyp barýar. Şol sebäpli hut şu ýerde birnäçe ýylyň dowamynda betbagtçylyklaryň töwekgelligini azaltmak boýunça birnäçe çäreler geçirildi. Göwrümleýin mitigasiýa (betbagtçylyklaryň töwekgelligini azaltmaga gönükdirilen taslamalar) mekdeplerde we çagalar baglarynda düzümleýin däl mitigasiýa ýaly çäreler amala aşyryldy, bileleşiklerde uly işler geçirildi. DIPECHO-VIII taslamasy Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edaralar arasyndaky toparlaryň döredilmegini we aýratyn mekdeplerde mekdep toparlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu döredilen toparlaryň agzalary taslamanyň maksatlaýyn toparlarynyň hatarynda, göniden-göni alyjylaryň arasynda adatdan daşary ýagdaýlar we ilkinji kömegiň berilmegi mowzugy boýunça bilimi ýaýradarlar. Taslamanyň maksatlaýyn toparlary Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň, kärhanalarynyň wekilleri, okuw jaýlarynyň okuwçylary, şeýle-de öý hojalygy bilen meşgullanýan adamlar bolup durýarlar. Bu bilimleri toparlaryň agzalary taslama işiniň dowamynda geçiriljek ýörite okuwlarda, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlar we ilkinji kömek boýunça çykarylýan çap önümleriniň, plakatlaryň we kitapçalaryň kömegi arkaly alarlar.

Beýleki habarlar