Monako Patyşalygynda Ýewropa we Merkezi Aziýanyň milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
2025-nji ýylyň 12–14-nji oktýabr aýynyň aralygynda Monako Patyşalygynda Ýewropa we Merkezi Aziýanyň milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu çäre Monako Gyzyl Haçy tarapyndan, Halkara Gyzyl Haç we…

2025-nji ýylyň 12–14-nji oktýabr aýynyň aralygynda Monako Patyşalygynda Ýewropa we Merkezi Aziýanyň milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu çäre Monako Gyzyl Haçy tarapyndan, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň (IFRC) goldawy bilen guraldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) başlygy Maral Açilowa ýolbaşçylygyndaky delegasiýa gatnaşdy. Delegasiýa jemgyýetiň ynsanperwerlik ýagdaýlaryna jogap bermek, mümkinçilikleri pugtalandyrmak we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiň Esaslary ýörelgelerini ilerletmek boýunça tejribesini tanyşdyrdy.
Duşuşygyň maksady milli jemgyýetleriň ýolbaşçylarynyň arasynda strategik gepleşikler üçin meýdança döretmekden, tejribe alyşmakdan hem-de häzirki zaman ynsanperwer kynçylyklara jogap hökmünde ileri tutulýan ugurlary ylalaşmakdan ybarat boldy. Bu çäre hyzmatdaşlygyň dowamydyr we milli jemgyýetleriň işjeň hyzmatdaşlygyny hem-de bitewiligini berkitmäge gönükdirildi. Şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Esasy ýörelgeleriniň 60 ýyllygyna aýratyn üns berildi. 45 döwletden bolan dürli milli jemgyýetden gelen gatnaşyjylar bu ýörelgeleriň häzirki döwürde-de ähmiýetini belläp geçdiler hem-de ynsanperwerlik, bitaraplyk we garaşsyzlyk ýaly gymmatlyklara ygrarlydyklaryny tassyk etdiler.
Sessiyalar çäginde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, klimat üýtgemesiniň täsiri, saglygy goraýyş, guramaçylyk durnuklylygy, ýaşlaryň gatnaşmagy, sanly özgertme hem-de ynsanperwer diplomatiýanyň ösdürilmegi ýaly esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti üçin bu duşuşyga gatnaşmak halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we adamynyň durmuşyny, saglygyny hem-de mertebesini goramaga gönükdirilen tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

