“Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary we tebigy betbagtçylyklar bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek we olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek”
2024-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary we tebigy…
2024-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary we tebigy betbagtçylyklar bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek we olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasy öz işine başlady.
Bu taslamany 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli durmuşa geçirilmeklik meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda, TGÝMJ-niň ýerli bölümleriniň üsti bilen, etraplarda 15 sany täze ýerli jemgyýetçilik komitetleri açylar. Başlangyç etapda, ýerli jemgyýetçilik komitetleriniň agzalary bilen adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmegiň düzgünleri we ilkinji kömegiň düzgünleri barada giriş sapaklary geçiriler. Ýerli jemgyýetçilik komitetleriniň agzalary hem öz gezeginde ýerlerde şuňa meňzeş sapaklary geçirmeli bolarlar we şeýlelik bilen has köp ilata ýaýrar. Şeýle hem, Ýerli jemgyýetçilik komitetleriniň tekliplerine esaslanyp, ýagny tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmaga gönükdirilen mitigasiýa taslamalary taýýarlanar we durmuşa geçiriler.
Ýaşlar bilen işlemek, olary milli jemgyýetiň hataryna meýletinçi hökmünde toplamak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek meselesine aýratyn üns berler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
