“Men durmuşy söýýärin!”
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň gurnamagynda mümkinçiligi çäklendirilen çagalaryň arasynda surat bäsleşigini geçirmek indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Ynha indi ençeme ýyl bäri…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň gurnamagynda mümkinçiligi çäklendirilen çagalaryň arasynda surat bäsleşigini geçirmek indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Ynha indi ençeme ýyl bäri geçirilýän bu bäsleşige Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň hem-de Kömekçi mekdebiň okuwçylary işjeň gatnaşýarlar. Bu gezekki bäsleşik 2016-njy ýylyň fewral aýynda “Men durmuşy söýýärin!” atly şygar bilen geçirildi. Bu bäsleşige 5 ýaşdan 17 ýaş aralykdaky 60 sany höwesjeň gatnaşdy. Çagalar öz çeken suratlarynda Watan, tebigat, maşgala baradaky öz içki duýgularyny beýan etdiler. Suratlaryň birentegi ýagty duýgulara baýlygy, aýratynlygy, hyýalbentligi bilen tapawutlanýardy. Ähli çekilen suratlara TGÝMJ-niň işgärlerinden düzülen emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berildi. Emin agzalary biragyzdan çekilen suratlaryň ählisiniň göwnüňi göterýändigini, çagalarda çeper döredijilige bolan höwesi oýarmagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalara pikirlenişiňi ösdürýän, stoluň üstünde goýup oýnalýan oýunlar hem-de döredijilik üçin gerek bolan serişdeleriň toplumy sowgat berildi. Bäsleşik özüneçekiji hem-de işjeň ýagdaýda geçdi. Kimiň ýeňiji bolanlygynyň tapawudy ýok. Bäsleşigiň manysy bu zatlarda däl. Esasy zat – çagalara durmuşy söýmegi, oňa sarpa goýmagy öwretmekde.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
