“Kesellere garşy göreş” okuw çäresi
TGÝMJ-niň Saglygy Goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminde ýerine ýetirýän iş ugurlarynyň biri “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasy bolup durýar.
TGÝMJ-niň Saglygy Goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminde ýerine ýetirýän iş ugurlarynyň biri “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasy bolup durýar.
Taslamanyň çäginde keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmekligiň we gözegçilik etmekligiň üsti bilen ýokanç we ýokanç däl keseller boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmak, durmuş üpjünçilik, ruhy goldaw, ynsanperwerlik kömegini bermek, ilat arasynda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, pasyla görä geýinmek, dogry iýmitlenmegiň peýdasy barada wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şu gün hem Inçekesel hassahanasynda taslamanyň çäginde hünärmenler gözegçilikde duran bejergi alýan näsaglar üçin “Kesellere garşy göreş” okuw çäresini geçirdiler. Okuw çäräniň esasy maksady keseller barada bilimini artdyrmak we bejergini doly we dogry berjaý etmegini gazanmak bolup durýar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
