Hoşniýetlilik her bir adamdan başlanýar
2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bolup Ýaşulylar gününi bellemek we bu aýratyn günde ýatdan çykmajak pursatlary bilelikde geçirmek maksady bilen…

2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bolup Ýaşulylar gününi bellemek we bu aýratyn günde ýatdan çykmajak pursatlary bilelikde geçirmek maksady bilen Aşgabatdaky garrylar öýüne baryp gördük. Her meýletinçiniň esasy maksady, ýaşulylarymyzyň ýüzünde mähirli ýylgyryşy görmekdi! Öňki aýdymlary bilelikde aýdanymyzda we olaryň bilýän filmlerinden sahnalary görkezenimizde, hemmeleriň gözünde parlak öwüşgin gördüm. Käbir meýletinçiler olar üçin çuňňur manyly ajaýyp goşgulary okadylar. Bu baýramçylyk diňe bir garrylary däl, eýsem hemmämizi begendirdi! Garrylar öýüne baryp görmek birnäçe sagat dowam etdi, ýöne ondan galan aýdyň duýgular ýüregimizde hemişelik ýaşar. Meniň pikirimçe, kimdir biriniň ýylgyrmagyna sebäp bolmakdan has uly bagt duýgusy ýok. Olar bilen wagt geçirmek buýsançlydy. Şeýle pursatlar mende ajaýyp, rahat duýgulary galdyrdy. Meýletinçileriň biri hökmünde dünýäni hoşniýetlilik bilen gurşap almaga synanyşýan şeýle ajaýyp toparyň hataryna goşulandygym üçin özümi bagtly saýýaryn!“Jeýhun” Meýletinçiler merkezi


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
