Halkara Ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimler ýaýradylýar.
2017-nji ýylyň 19-njy we 20-nji oktýabr aralygynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysynyň we TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň Halkara ynsanperwerlik…
2017-nji ýylyň 19-njy we 20-nji oktýabr aralygynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysynyň we TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça hünärmeniniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebinde esgerleriň we serkerdeleriň arasynda ’’Halkara ynsanperwerlik hukugy”, Ženewa Konwensiýalary we oňa goşmaça teswirnamalar, “Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý” herketiniň döreýşi, taryhy we esasgoýujy ýörelgeleri, Maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek we gözleg gullugy, “Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý” nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda hem-de TGÝMJ-niň alyp barýan işleri barada maglumat beriji okuw çäresi geçirildi we wideo filim görkezidi. Okuw çäresiniň jeminde esgerler we serkerdeler TGÝMJ-niň işgärlerine minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
