“Göreldeli kaka”
2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Tärkmenistandaky wekilliginiň (UNICEF), Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli…
2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Tärkmenistandaky wekilliginiň (UNICEF), Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň gatnaşmagynda çaganyň ilki 1000 gününde terbiýelemeklige kakalaryň hem ünsüni çekmek maksady bilen “Göreldeli-kaka” atly medeni çäre geçirildi. Çäräniň başynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri Aşgabat şäheriniň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezine gelen adamlaryň arasynda çaganyň ösmeginiň ilki günleri bilen baglanşykly sorag-jogap alyşdylar, dogry jogap beren ene-atalara TGÝMJ-niň ýadygärlik sowgatlaryny göwşurdylar. Çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Tärkmenistandaky wekilliginiň (UNICEF) ýolbaşçysynyň gutlag sözleri bilen başlandy. Çärä 10-na golaý kakalar çagalary bilen gatnaşdylar. Kakalar, çagalary bilen sport maşklaryny görkezip, sportyň dürli görnüşine bilelikde gatnaşýandygyny, ýaş çagalary naharlap, olar bilen gürleşip, kitap okap berip, dürli oýnawaçlary düzmegi öwredip, gündelik durmuşda çagalarynyň terbiýesine has işjeň gatnaşýandygyny görkezdiler. Kakalaryň arasynda, oz çagalary bilen ysnyşyly, ýnamdar gatnaşyklary subut edýän birnäçe bäslesikler hem gurnaldy. Olar: çaga bilen kakasynyň top oýuny, kakalaryň oz gyzlarynyň saçyny çalt darap, örmek başarnygy, çaganyň ilki günleri bilen bagly bolan sorag-jogap bäsleşigi. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan we gatnaşan ähli kakalara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Tärkmenistandaky wekilliginiň (UNICEF) tarapyndan dürli sowgatlar gowşuryldy. Bu bäsleşikleriň arasynda ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary we tans toparlary çykyş etdip, çäräniň has gyzykly geçmegine ýardam berdiler. Çäräniň soňunda, çärä gatnaşan çagalar, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Tärkmenistandaky wekilliginiň (UNICEF) ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
