Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň orta mekdeplerinde “Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji ruhy goldaw” boýunça okuw sapaklary geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň okuwçylaryň arasynda möhüm ähmiýetli "Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji ruhy goldaw" okuw…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň okuwçylaryň arasynda möhüm ähmiýetli "Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji ruhy goldaw" okuw sapagyny geçirdiler.
Okuw sapagynda okuwçylara betbagtçylyk, tebigy we tehnogen hadysalar ýüze çykanda nähili hereket etmeli, nädip öz stresiňi dolandyrmaly, gorkan ýa-da ruhy taýdan kyn ýagdaýda bolan adamlara ilkinji psihologik goldawy bermegiň ilkinji ädimleri barada düşündiriş berildi. Şeýle hem, sapagyň dowamynda dürli tejribeli ýagdaýlaryň mysallary getirildi, sorag-jogaplar gurnalyp, okuwçylaryň düşünjesi has-da giňeldildi. Geçirilen okuw sapagy okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar alnan maglumatlaryň geljekde durmuşy ýagdaýlarda peýdaly boljakdygyny bellediler.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

