Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň çagalar bagynda ýangyn howpsuzlygy boýunça düşündiriş işi geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Boldumsaz etrap wekili tarapyndan Boldumsaz etrabynyň çagalar bakja bagynyň körpeleriniň arasynda «Ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak» mowzugy boýunça düşündiriş işleri geçirildi.…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Boldumsaz etrap wekili tarapyndan Boldumsaz etrabynyň çagalar bakja bagynyň körpeleriniň arasynda «Ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak» mowzugy boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda çagalara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti, oda we ot çeşmelerine seresaply çemeleşmegiň zerurdygy barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem körpelere kükürt we beýleki ot ýakýan serişdeler bilen oýnamagyň örän howpludygy, munuň ýangyn we betbagtçylykly hadysalara sebäp bolup biljekdigi düşündirildi. Duşuşygyň dowamynda çagalar ýangyn howpsuzlygy bilen bagly düzgünler bilen tanyşdyryldy we howply ýagdaýlarda uly ýaşlylara habar bermegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle çäreler ýaş nesilde howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmäge, olarda jogapkärçilik duýgusyny ösdürmäge we betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga ýardam berýär.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

