Daşoguz welaýatynda "Ynsanperwerlik ýoly" — ynsanperwer gymmatlyklaryň dabarasy geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. Şol çäreleriň çäklerinde Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde "Ynsanperwerlik ýoly" atly tegelek stol işçi duşuşygy guraldy. Duşuşyga welaýat bölüminiň işjeň agzalary, işewür hyzmatdaşlary hem-de meýletinçileri gatnaşdylar. Tegelek stoluň dowamynda ynsanperwerlik işleriniň ähmiýeti, meýletinçilik hereketiniň ösüşi we jemgyýetçilik goldawynyň güýçlendirilmegi barada täsirli çykyşlar edildi. Işçi duşuşykdan soňra gatnaşyjylar ýaş suratkeşleriň çeken suratlarynyň sergisini synladylar. Bu sergi ýaş nesliň döredijilik ukybyny, olaryň watançylyk duýgularyny we parahatçylyk söýüjiligini aýdyň görkezdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ulanylýan enjamlaryň, wagtlaýyn ýaşaýyş üçin niýetlenen çadyrlaryň we ilkinji kömek bermek boýunça serişdeleriň sergisi guraldy. Bu bolsa ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmekde taýýarlygyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady. Mundan başga-da, baýramçylyk çäreleri Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde dowam etdirildi. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäreler gatnaşyjylara ýakymly täsir galdyryp, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini görkezdi.





Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

