Daşoguz welaýatynda “Ýaşulular – jemgyýetiñ guwanĵy atly baýramçylyk çäresi geçirildi
1-nji oktýabr — Bütindünýä ýaşulular güni mynasybetli, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz…

1-nji oktýabr — Bütindünýä ýaşulular güni mynasybetli, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, welaýat häkimligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, welaýatyň il sylagly ýaşulularyny we mährem enelerini gutlap, olaryň hormatyna dabaraly çäre geçirdi. Baýramçylyk çärelerinde hormatly ýaşululara we mährem enelere hoşallyk sözleri aýdyldy. Olaryň jemgyýetimiziň jebisligine, ýaş nesli terbiýelemekdäki orny aýratyn bellenilýär. Şeýle hem ýaşlaryň ýaşululardan nusga almagy, milli gymmatlyklarymyzy täze nesillere ýetirmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu görnüşli çäreler ýaşululara goýulýan belent hormatyň, olaryň durmuşda tutýan beýik ornunyň hem-de jemgyýetimiziň ruhy berkdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

