Daşoguz welaýatynda Inçekeseliň öňüni almak – sagdyn geljegiň kepili ady bilen wagyz çäresi geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 24-nji mart – Bütindünýä inçekeseliň öňüni almak güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda düşündiriş işlerini…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 24-nji mart – Bütindünýä inçekeseliň öňüni almak güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda düşündiriş işlerini geçirdiler. Geçirilen çärede hünärmenler inçekeseliň ýüze çykmagynyň sebäpleri, onuň alamatlary we adam saglygyna ýetirýän täsiri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem keseliň öňüni almak, wagtynda lukmana ýüz tutmagyň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň zerurlygy barada aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda talyplara şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, dogry iýmitlenmek we immuniteti berkitmek ýaly öňüni alyş çäreleriniň möhümdigi düşündirildi. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu çäre talyplaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen guraldy.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

