Daşoguz welaýatynda Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen gününe bagyşlanyp hyzmatdaşlar bilen geçirilen tegelek stol duşuşygy
Her ýylyň 8-nji maýynda bütin dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni bellenilýär — bu gün dünýäniň iň hormatlanýan we ynsanperwerlik ruhly seneleriniň biridir. Şu sene mynasybetli…

Her ýylyň 8-nji maýynda bütin dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni bellenilýär — bu gün dünýäniň iň hormatlanýan we ynsanperwerlik ruhly seneleriniň biridir. Şu sene mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady — ynsanperwerlik işi babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň gymmatlyklaryny wagyz etmek, häzirki döwrüň kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri gözlemekden ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda meýletinçiligi ösdürmek, ilatyň ejiz gatlaklaryna kömek etmek, adatdan daşary ýagdaýlara we tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk görmek we olara täsir etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyny wagyz etmek ýaly mowzuklara aýratyn üns berildi. Bu çäre Hereketiň esaslandyryjysy tarapyndan öňe sürlen ynsanperwerlik, tarap çalmazlyk, bitaraplyk we meýletinlik ýörelgeleriniň häzirki zaman dünýäsi üçin hem möhüm we zerurdygyny ýene bir gezek tassyk etdi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

