Daşoguz şäheriniň 16-njy orta mekdebinde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk – ýaşlaryň howpsuz geljeginiň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 2026-njy ýylyň 13-nji aprelinde Daşoguz şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda, hususan-da ýer titremesi hem-de…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 2026-njy ýylyň 13-nji aprelinde Daşoguz şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda, hususan-da ýer titremesi hem-de şikeslerde ilkinji kömek bermek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylara ýer titreme ýüze çykan ýagdaýynda dogry we howpsuz hereket etmek düzgünleri giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem, olaryň guramaçylykly ýagdaýda synp otaglaryndan çykmak endikleri ösdürilip, howpsuz ýere tiz we tertipli geçmegiň usullary görkezildi. Mundan başga-da, şikes alan ýagdaýlarda ilkinji kömegiň ähmiýeti bellenilip, ony wagtynda we dogry ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary barada gymmatly maslahatlar berildi. Geçirilen çäre ýaş nesliň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmakda hem-de olaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedir.





Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

