Daşoguz şäherinde “Parahatçylyk we ynsanperwerlik sungatda şöhlelenýär” ady bilen surat bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 8-nji maý - Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň esaslandyrylmagynyň 163 ýyllygy hem-de Ýeňiş güni mynasybetli…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 8-nji maý - Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň esaslandyrylmagynyň 163 ýyllygy hem-de Ýeňiş güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda döredijilik ruhuny we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen surat bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda ýaş suratkeşler parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik hem-de mähir-sahawat ýaly gymmatlyklary öz surat eserleriniň üsti bilen çeper beýan etdiler. Gatnaşyjylar özleriniň döredijilik başarnyklaryny görkezmek bilen, baýramçylyk ruhuny şöhlelendirýän täsirli eserleri hödürlediler. Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşan okuwçylara TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle çäreler ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, ynsanperwerlik düşünjelerini berkitmekde hem-de jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

