Behişdi Bedew
2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary bilen halkymyzyň milli-ruhy bitewüligi dünýa dabaralanýar. Ýurdumyzda her…

2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary bilen halkymyzyň milli-ruhy bitewüligi dünýa dabaralanýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilip geçilýän Bedew baýramy mynasybetli TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň Ak bugadaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde çagalaryň arasynda “Bahara görk beren-behişdi bedew” atly wagyz-nesihat çäresi gurnaldy.
Çäräniň dowamynda okuwçylar türkmen halkynyň iň uly döwletli tutumlarynda ahalteke bedewleri barada giňişleýin maglumat aldylar. TGÝMJ-iň taryhynda ahalteke bedewleriň kömek bermekde ilkinji ulag serişdesi hökmünde ulanylandygy barada aýdyp geçildi. Çagalar Ahal-teke bedewleri barada birnäçe soraglardan soň adamyň taryhynda mynasyp ornunyň bardygyna has hem göz ýetirdiler.
Goý, hemişe bedewlerimiziň aýaklary ýuwrük bolsun! Türkmen iliniň döwleti yrylmasyn! Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsyn!


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

