"Alada" Ýaşlar Merkeziniň meŷletinçileri kiçi ýaşly okuwçylaryň arasynda sporta höwes döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek we toparlaýyn işi öwretmek maksady bilen işlerini dowam etdirýärler.
2025-nji ýylyň maý aýynda Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçylary üçin şowhunly we gyzykly sport estafetasyny gurnadylar. Çärä taýýarlyk birnäçe gün öň başlandy. Meýletinçiler estafeta üçin…

2025-nji ýylyň maý aýynda Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçylary üçin şowhunly we gyzykly sport estafetasyny gurnadylar. Çärä taýýarlyk birnäçe gün öň başlandy. Meýletinçiler estafeta üçin ýörite çykyşlary taýýarladylar, sport esbaplaryny saýladylar we okuwçylaryň ýaşyna laýyk oýunlary düzdüler. Howpsuzlyga, çärelerdäki dürlüligi üpjün etmemäge her bir çaganyň gatnaşygyny üpjün etmeklige aýratyn üns berildi. Çäre güni mekdebiň sport zaly şatlykly seslere we çagalaryň şatlykly gülkisi bilen başlady. Meýletinçiler gyzgalaňly başlap, gatnaşýan okuwçylary toparlara bölüşip we estafeta başlandy. Oňa päsgelçilikli ylgaýyş, bökmek, top zyňmak ýaly hereketli we gyzykly ýaryşlar girizildi. Çagalar uly höwes bilen gatnaşyp, birek-birege goldaw berdiler we sporty ruhubelentlik bilen garşy aldylar. Şular ýaly çäreler diňe bir çagalaryň fiziki taýdan ösüşine däl, eýsem nesiller arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýaşlarda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak endigini ösdürmäge uly goşant goşýar. "Alada" Ýaşlar Merkezi şeýle çäreleri dowam etdirmegi we meýletinçileriň hereketini giňeltmegi meýilleşdirýär.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

