Adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg we halas ediş işlerini gurnamak we tiz herekete geçmek ýaly tälim okuwy geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Dänew…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda “Amyderýanyň suwunyň joşmagy zerarly döräp biljek adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg-halas ediş, guramaçylykly göçüriş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri guramak” atly tälim beriş okuwy geçirildi.
Meýilleşdirilen okuwyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirligi tarapyndan raýatlar adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg we halas ediş işlerini gurnamak we tiz herekete geçmek ýaly tälim okuwy geçirildi. TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölümi tarapyndan hem raýatlara wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerini gurnamamak, çadyr şäherçesinde kabul etmek, hasaba almak we ýerleşdirmek barada tälim okuwlary geçirildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
