"Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek" taslamasy işi başlady.
26.06.2026 ýylyň TGÝMJ-iň Merkezi edarasynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň goldamagynda "Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň…

26.06.2026 ýylyň TGÝMJ-iň Merkezi edarasynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň goldamagynda "Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek" taslamasynyň çäginde, UNHCR-yň Gorag meseleleri boýunça hünärmeni hanym Hanifa Kariminiň alyp barmagynda maglumat bermek boýunça TGÝMJ-iň Merkezi edaranyň hünärmenleriniň meýletinçileriniň arasynda we Ahal welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda trening geçirildi. Jemi 25 adam gatnaşdy.
Okuw kursynyň dowamynda hanym Hanifa Karimiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň alyp barýan işleri bilen umumy tanyşdyrylyşy,Özüňi alyp barmagyň kodeksi, Galplyk we korrupsiýanyň öňüni almak, Şahsy maglumatlary goramak we gizlinlik ýaly soraglaryň üstünde duruldy. Trening sorag-jogaplaryň üsti bilen gyzykly geçdi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

