Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk bilen bagly Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda türgenleşik okuwlary geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda,…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, Şabat etrabynda giň gerimli toplumlaýyn tälim beriş türgenleşik okuwy geçirildi. "Ýurdumyzyň çägindäki derýalaryň suw derejesiniň ýokarlanmagy, şeýle hem sil suwlarynyň we akabalarda ýagyş suwlarynyň emele gelmegi netijesinde ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we dolandyryşy guramak" ady bilen geçirilen bu çärede dürli pudaklaryň wekilleri hem-de degişli hünärmenler gatnaşdylar. Tälim beriş okuwynyň dowamynda ilaty we maddy gymmatlyklary howpsuzlyk zolagyna guramaçylykly göçürmek hem-de olaryň ýerleşdirilişini üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça degişli amaly çäreler geçirildi.Welaýatda guramaçylykly göçüriş we göçürilenleri kabul ediş toparlarynyň iş tejribesi pugtalandyryldy, olaryň özara utgaşykly hereket etmegi boýunça ýörite tälimler berildi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, degişli düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de tebigy we tehnogen häsiýetli howplara garşy netijeli çäreleriň görülmegine ýardam edýär.






Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
