“Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk”
Şu ýylyň dekabr aýynda “Merkezi Aziýada ýer titremäniň we tebygy betbagtçylygyň ýokary töwekgelçiligi bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek boýunça ýerli we milli mümkünçiligi berkitmek taslamasynyň”…

Şu ýylyň dekabr aýynda “Merkezi Aziýada ýer titremäniň we tebygy betbagtçylygyň ýokary töwekgelçiligi bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek boýunça ýerli we milli mümkünçiligi berkitmek taslamasynyň” çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi tarapyndan döredilip, işewürlerden ýbarat bolan jemi 3 sany ýerli komitetleriň arasynda, Tejen etrabynda iki sany, Ak bugadaý etraplarynda bir sany okuw çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň komitetiň agzalaryna Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak düzgünleri, ilkinji kömek bermegiň endikleri, howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklara tewekgelçiligine we gowşaklygyna baha bermek, kesgitlenen zerurlyklara esaslanyp ýerli komitetleriň agzalary we meýletinçileriň mumkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly okuw maslahatlary geçirildi. Netijede ýerli işewürleriň bilimleriniň artmagyna getirdi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý
Milli jemgyýetiniň Ahal Welaýat bölüminiň
,,ADÝD” bölümçesiniň müdiri A. Aşyrow.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

