16.03.23: Bütindünýä Gaznasynyň wekilleriniň TGÝMJ-e iş sapary
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň merkezi ofisinde AIDS, inçekesel, gyzzyrma kesellerine garşy göreşýän bütindünýä Gaznasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasyndan gelen agzalarynyň gatnaşmagynda ýygnak…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň merkezi ofisinde AIDS, inçekesel, gyzzyrma kesellerine garşy göreşýän bütindünýä Gaznasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasyndan gelen agzalarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi. Olar portfolio-menejeri Waleriýa Grişeçkina, halkara ekspertler Swetlana Nidzewska, Natali Maniç, Nino Mdiwani we Hanna Bolohowes.
TGÝMJ-niň hünärmenleriniň we halkara hünarmenleriň ýygnagynda Bütindünýä Gaznasynyň maliýe tarapyndan jogapkärçiliginde esaslanan inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak we ýaýramagyna garşy çäreleri görmeklik babatda bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. 2010-njy ýyldan bäri hereket edip gelýän bu bilelikdäki taslamanyň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi we BMGÖM bilen bir hatarda TGÝMJ hem agzalarynyň biridir şeýle-de ol Bütindünýä Gaznasynyň grantyna mynasyp bolmak bilen taslamany durmuşa geçirmekde Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň ýakyn arkadaşy bolup hyzmat edýär.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
