Esasy mazmuna geç

Sagdyn geljegiň gözbaşy: Mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz –nesihat çäresi geçirildi.

Sagdyn geljegiň gözbaşy: Mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz –nesihat çäresi geçirildi.

TAGTABAZAR. Ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ýaş nesilde saglyga ideg etmegiň medeniýetini kemala getirmek Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) alyp barýan asylly işleriniň özeni bolup durýar. Şu maksat bilen, şu ýylyň 3-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde ýerleşýän 9-njy orta mekdepde 4-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Saglygym — baş baýlygym” atly täsirli wagyz-nesihat çäresi guraldy. Çäräniň başynda TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň Tagtabazar etrap wekili Gülpamyk Garajaýewa çykyş edip, milli jemgyýetiň alyp barýan ynsanperwer işleri, onuň maksat-wezipeleri we ilat arasyndaky ähmiýeti barada okuwçylara giňişleýin maglumat berdi. Gyş paslyna taýýarlyk: Saglygy goramagyň altyn düzgünleri:Gyş paslynyň golaýlamagy we howa şertleriniň üýtgemegi bilen, dümew we ýiti respirator keselleriniň öňüni almak meselesi aýratyn aktual bolup durýar. Şundan ugur alyp, duşuşygyň esasy bölegi çagalara möwsümleýin kesellerden goranmagyň inçe tilsimlerini öwretmäge gönükdirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylara öz saglyklaryny berkitmek we bedeniniň goraýjy güýçlerini (immunitetini) ýokarlandyrmak üçin zerur bolan aşaky peýdaly maslahatlar düşündirildi: Möwsüme laýyk geyinmek,dogry iýmitlenmek,sowukdan goranmak,sowuk içgilerden we aşa sowuklamadan daşda durmak,bedeni we elleri elmydama arassa saklamagyň keselleriň öňüni almakda ilkinji ädimdigi. Arassaçylyk we saglyk düzgünleri baradaky maglumatlar ýönekeý leksiýa görnüşinde däl-de, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, täsirli interaktiw usulda geçirildi. Bu bolsa 4-nji synp okuwçylarynyň mowzugy has aňsat we gyzykly özleşdirmegine ýardam etdi. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda okuwçylaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara hünärmenlerden takyk we düşnükli jogaplary aldylar. Bu duşuşyk çagalarda diňe bir täze bilimleri däl, eýsem öz saglygyna bolan jogapkärçilik duýgusyny hem has-da berkitdi.

Beýleki habarlar