Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy – rahatlygyň we howpsuzlygyň kepili

2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Ak bugdaý etrabynyň 45-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpçün etmek” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre ýaş nesliň howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmekde we olarda durmuşy başarnyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Çäräniň esasy maksady okuwçylara we mugallymlara kyn, garaşylmadyk şertlerde özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny öwretmekden ybarat boldy. Biziň durmuşymyzda duýdansyz ýüze çykyp biljek tebigy kynçylyklarda, ýangynlarda ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda mekdep okuwçylarynyň we işgärleriniň özlerini nähili alyp barmalydygy amaly maslahatlar hem-de görkezme gollanmalary arkaly giňişleýin düşündirildi. Bu bolsa gatnaşyjylaryň kyn pursatda howsala düşmän, dogry we çalt karar kabul etmek ukybyny has-da kämilleşdirdi. Ýaş nesliň saglygyny we howpsuzlygyny goramak biziň jemgyýetimiziň baş maksadydyr. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary okuwçylaryň diňe bir nazary bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem olaryň gündelik durmuşda zerur boljak amaly başarnyklaryny we taýýarlyk derejesini hem ýokarlandyrýar. Okuwçylar mekdep partasyndan başlap, her bir garaşylmadyk ýagdaýa taýyn bolmagy, howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaj etmegi öwrenýärler. Halkymyzy eşretli we abadan durmuşda ýaşatmakda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýaş nesiller baradaky edýän aladalary, olaryň kämil we sagdyn bolup ýetişmekleri ugrundaky ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!



