BAŞ SAHYPA

29-31-nji oktýabr aralygynda Ženewanyň Halkara Maslahat Merkezinde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň iň ýokary dolandyryş edarasy bolan Halkara Maslahaty geçirilýär. Hereketiň geljek 4 ýyl üçin işini kesgitleýän degişli kararlar kabul ediler.

Maslahat ähli Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň wekillerini, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) wekillerini birleşdirýär. Forumyň esasy temalary şulardan ybarat:

  1. Halkara ynsanperwer hukugyna hormat goýmagyň ähliumumy medeniýetine tarap;
  2. Ýaragly çaknyşyklarda parahat ilaty we beýleki adamlary kiber we maglumat amallaryndan goramak;
  3. Giňişleýin kanunlar, syýasatlar we meýilnamalar arkaly betbagtçylyk töwekgelçiligini dolandyrmagy güýçlendirmek;
  4. Ýörelgeleýin ynsanperwerlik işinde durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ýerli derejede ýolbaşçylygy, mümkinçilikleri ösdürmegi we hyzmatlary hödürlemek;
  5. Adamlary klimat we howa bilen baglanyşykly hadysalaryň täsirlerinden goramak: işjeň hereketleri güýçlendirmek üçin bilelikde işlemek.

Maslahatyň çäginde wekiller Hereketiň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, biri-biri bilen aragatnaşyk saklamaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we meýilnamadan daşary çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15721033
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6741
14282
71428
430988
15721033

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06