Esasy mazmuna geç

1926 — 2026

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine 100 ýyl

Ynsanperwerlik ýoly

Ýyllyk hasabat 2025

Taryhy

  1. 1926

    1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly maksatlaryna tarap ugruny üýtgewsiz saklamagy başardy.

  2. Beýik Watançylyk urşy

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda adamlaryň janlaryny halas etmekde we ýaralylary bejermekde rehimliligiň we ynsanperwerligiň ýokary nusgalaryny görkezdi.

  3. 1948

    1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan weýrançylykly ýertitremesi Aşgabat şäherini sanlyja minutlarda harabaçylyga öwürdi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri we işgärleri ilkinjileriň hatarynda ejir çekenlere kömege geldiler.

  4. 1991

    1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň jar edilen we onuň dünýäniň milletler bileleşiginde doly hukukly agza hökmünde tassyklanan pursatyndan Milli jemgyýetiň taryhynda täze döwür başlanýar.

  5. 1992

    1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň çäginde öz işini Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara hereketiniň ynsanperwerlik, tarapsyzlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, agzybirlik, uniwersallyk ýaly esasy ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýan ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasy diýlip ykrar edildi.

  6. 1995

    1995-nji ýylda bolsa TGÝMJ Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara Federasiýasynyň deňhukukly, 164-nji agzasy boldy.

Halkara hereketiniň esasy ýörelgeleri

  1. 01

    Ynsanperwerlik

    Adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

  2. 02

    Tarap çalmazlyk

    Milletligi, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

  3. 03

    Bitaraplyk

    Ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar, ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

  4. 04

    Garaşsyzlyk

    Garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, hereketiň ýörelgelerine laýyklykda hereket edip bilmek üçin mydama özbaşdaklygy saklamalydyr.

  5. 05

    Meýletinlik

    Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Hereket hiç jähtden peýda görmeklige düýbünden çalyşmaýar.

  6. 06

    Ýeke-täklik

    Ýurtda diňe ýeke Gyzyl ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

  7. 07

    Köptaraplylyk

    Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we olaryň deň borçnamalary bardyr.

Kömek etmek isleýärsiňizmi?

Arzany dolduryň, biz siz bilen habarlaşarys.

Arza ugrat