
1926 — 2026
Slaýd 1 / 7
Gurluşy
Biz ýurduň ähli ýerinde işleýäris
5 welaýat şahamçasy, Arkadag şäher şahamçasy
Merkez edara
Salgy: 744000, Aşgabat ş., 2022-nji köçe, 116/1-nji jaý
Tel, faks: 93 17 50, 93 03 49
Soňky habarlar
Jemgyýetiň ileri tutulýan iş ugurlary
- 01
Sanitar-aň-bilim işlerini geçirmek, ilatyň has goraga mätäç gatlagyny durmuş taýdan goldamak, dürli keselleriň, şol sanda inçekeseliň, neşekeşligiň hem-de WIÇ/SPID-iň öňüni almak arkaly ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda döwlet edaralaryna ýardam etmek.
- 02
Dürli ýagdaýlarda lukmana çenli ilkinji kömek bermek endiklerini öwretmek.
- 03
Ýaş nesli türkmen halkynyň gözbaşlaryny gadymdan alyp gaýdýan rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek.
- 04
Ilata adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek.
- 05
Jemgyýetçiligiň arasynda Halkara ynsanperwer hukugy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň esasy ýörelgeleri hakynda bilimleri ýaýratmak.
- 06
Taryhyň pajygaly wakalary, tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde jyda düşen dogan-garyndaşlary gözläp tapmak bolup durýar.
Taryhy
1926
1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly maksatlaryna tarap ugruny üýtgewsiz saklamagy başardy.
Beýik Watançylyk urşy
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda adamlaryň janlaryny halas etmekde we ýaralylary bejermekde rehimliligiň we ynsanperwerligiň ýokary nusgalaryny görkezdi.
1948
1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan weýrançylykly ýertitremesi Aşgabat şäherini sanlyja minutlarda harabaçylyga öwürdi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri we işgärleri ilkinjileriň hatarynda ejir çekenlere kömege geldiler.
1991
1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň jar edilen we onuň dünýäniň milletler bileleşiginde doly hukukly agza hökmünde tassyklanan pursatyndan Milli jemgyýetiň taryhynda täze döwür başlanýar.
1992
1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň çäginde öz işini Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara hereketiniň ynsanperwerlik, tarapsyzlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, agzybirlik, uniwersallyk ýaly esasy ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýan ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasy diýlip ykrar edildi.
1995
1995-nji ýylda bolsa TGÝMJ Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara Federasiýasynyň deňhukukly, 164-nji agzasy boldy.
Ynsanperwerlik ýoly
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine 100 ýyl
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi
Hereketiň düzümine häzirki wagtda Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň 189-sy girýär.
Biz barada- 01Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti
- 02Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy
- 03Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň 189-sy
Halkara hereketiniň esasy ýörelgeleri
- 01
Ynsanperwerlik
Adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.
- 02
Tarap çalmazlyk
Milletligi, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.
- 03
Bitaraplyk
Ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar, ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.
- 04
Garaşsyzlyk
Garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, hereketiň ýörelgelerine laýyklykda hereket edip bilmek üçin mydama özbaşdaklygy saklamalydyr.
- 05
Meýletinlik
Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Hereket hiç jähtden peýda görmeklige düýbünden çalyşmaýar.
- 06
Ýeke-täklik
Ýurtda diňe ýeke Gyzyl ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.
- 07
Köptaraplylyk
Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we olaryň deň borçnamalary bardyr.
Galereýa
Восстановление семейных связей
- Красный Полумесяц Туркменистана+99312 931510, crescent.int@tgymj.gov.tm
- Миссия МККК в Туркменистане+(99312) 945796, ash_tracing@icrc.org
Kömek etmek isleýärsiňizmi?
Arzany dolduryň, biz siz bilen habarlaşarys.





















