BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

Habarlar

    Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz gün-günden gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýetilen sepgitler, ösüşler, özgerişleri bilen tamamlanyp barýan 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyllaryň biri boldy. Bosagamyzda duran ýetip gelýan 2022-nji taze ýyl baýramçylygyny garşylamak üçin Ata Watanymyzyň her bir künjeginde arçalar bezelip ýurdumyzyň görküne hasda görk goşýar. Täze ýyl baýramçylygy öwşün atýan arçalar, dürli çyrajyklar bilen bezeg berip duran köçeler halkyň şatlygyna has-da şatlyk goşýar. Biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda kömege mätäç doly ýetim, maýyp çagalaryň ruhuny galkyndyrmak maksady bilen täze ýyl süýjülik sowgatlaryny paýladylar. Täze ýyl süýjülik sowgadyny alan her bir çaga şatlanyp goşgy, aýdym aýdyp öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çagalar, halkymyzyň abadan, bagtyýar, sagdyn durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuwladylar!

 

12139031
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4073
17065
504310
919301
12139031

Siziň IP: 18.206.13.203
2023-11-30