Birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri Aýaz Babaň, Garpamygyň we ertekileriň gahrymanlarynyň eşigini geýip, Aşgabat şäheriniň Onkologiýa merkezinde bejergi alýan çagalaryň ýanyna myhmançylyga gelýärler. Ynha bu ýyl hem däp bolşy ýaly merkezde çagalar üçin ertekileriň gahrymanlarynyň çykyşlary bilen baýramçylyk dabarasy gurnaldy. Çagalar oýunlara uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler, käbir çagalar bolsa, oýunlara gatnaşdylar. Çagalaryň ene-atalary hem, Täze ýyl arçasynyň daşynda aý gurup, baýramçylygyň has şowhunly geçmegini ýrardam berdiler. Çagalar bir-biri bilen bäsleşip, Aýaz Baba öz goşgularyny aýdyp berip, ondan sowgat aldylar. Çäräniň soňynda Aýaz Baba we Garpamyk çagalar bilen hoşlaşyp, olara tizde-tiz sagalmaklaryny arzuw etdiler.