Habarlar

   2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-dan 17-si aralygynda Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň Merkezi Aziýadaky wekilliginiň başlygy hanym Sangita König Türkmenistana geldi.
Türkmenistanyň hökümetiniň çakylygynyň esasynda hanym König ,,Parahatçylygyň we ynanyşmagyň syýasaty- halkara howpsuzlygyna, ygtybarlyga we osüşe esaslanýar” atly Halkara konferensiýasyna we Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanyp geçirilen resmi çärelere gatnaşdy.
   Öz sapary döwründe GHHK Merkezi Aziýadaky wekilliginiň başlygynyň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy gurnaldy. Duşuşygyň dowamynda GHHK-niň we TGÝMJ-niň özara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça birnäçe soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
   Şeýle-de hanym Sangita König TGÝMJ-niň Mary we Lebap welaýatlaryndaky bölümlerine baryp gördi we Jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri bilen duşuşdy. TGÝMJ-niň meýletinçileri myhman bilen iňlis dilinde söhbetdeşlik gurnap, öz meýletinçilik işleri barada gürrüň berdiler. Meýletinçier TGÝMJ-de keselleriň öňüni almak boýunça, Halkara  Ynsanperwer Hukugy barada, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça bilimleri ýaýartmakda alyp barýan işleri barada gürrüň berip, meýletinçileriň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň işinde uly güýçdigini aýdyň görkezdiler.
   Duşuşygyň soňunda Sangita König TGÝMJ-niň işgärlerine we meýletinçilere netijeli hyzmatdaşlyk üçin we myhmansöýerlikleri üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

 

Dekabr 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
6153966
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
775
1562
8108
51062
6153966

Siziň IP: 44.201.99.222
2022-12-08