Habarlar

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň işgärleri adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe işleri alyp barýarlar. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, kömege mätäç adamlary gündelik durmuş harajatlary bilen üpjün etmek, heläkçilik çekene ruhy taýdan goldaw, gaýragoýulmasyz kömekleri bermek – Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy wezipesi bolup durýar.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri welaýatda mekdep mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda hem adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda hereket etmegiň düzgünleri boýunça birnäçe işleri geçirip durýarlar. Muňa mysal edip, 2021-nji ýylyň aprel aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ,,Merkezi Aziýada birleşmeleriň derejesinde betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça çärelerini kabul etmek bilen daşky täsirlerine gowşak ýerleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak“ atly taslama işi boýunça geçirilen çäreleri almak bolar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň gatnaşmagynda şu taslamanyň işini meýilleşdirmek esasynda okuwçylar adatdan daşary ýagdaýlarda ýöriteleşdirlen lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döreýänçä heläkçilik çekeniň janyny halas etmek, goşmaça şikesleriň öňüni almak we derdini ýeňilleşdirmegiň düzgünleri boýunça özara bäsleşdiler. Mekdep okuwcylary suw joşgunlarynda, ýangyn dörände, ýer titiremelerinde dogry hereket etmegiň düzgünlerini öwrendiler. Bu bolsa okuwçylarda dürli ýerlerde dürli betbagytçylyklara uçran adamalaryň janyny halas etmek we dogry hereket etmek endiklerini ele almaga mümkinçilik döredýär.

 

5772257
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2637
1421
35084
62106
5772257

Siziň IP: 35.170.82.159
2022-05-19