Habarlar

   TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2021-nji ýylyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň arasynda “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endikleri” boýunça birnäçe tölegli okuw kurslaryny geçirildi. Şeýle okuwlar ýakynda Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň işgärleriniň arasynda hem geçirildi. Okuwyň birinji gününde diňleýjilere nazaryýetde lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň maksatlary, olaryň düzgünleri barada ejir çeken adama saglygy goraýyş işgärleri gelýänçä, ilki bilen onuň golaýyndaky adamlar tarapyndan ilkinji kömegiň dogry berlen ýagdaýynda şikeslenmeleriň gaýryüzülmeleriniň oňüni alyp bolýandygy, käbir ýagdaýlarda bolsa, janyny halas edip bolýandygy barada düşündirildi. Okuw çäresiniň ikinji gününde gatnaşyjylar birinji gündäki öwrenen bilimlerini tejribede öwrendiler, ýagny heläk çeken adama haýsy düzgünler boýunça dogry tertipde kömek bermelidikleri barada öwrendiler. Gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi we şikes alan adamlara nahili dogry kömek berilmelidigi barada çykyşlaryny görkezdiler. Okuw çäräniň soňunda, okuw kursuny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara güwänamalar gowşuryldy.

 

Dekabr 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
6154005
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
814
1562
8147
51062
6154005

Siziň IP: 44.201.99.222
2022-12-08