Habarlar

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi ähli edara-kärhanalarda öwüt-ündew we amaly okuw çärelerini yzygiderli geçirýär. Şu günlerde raýatlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek, asuda we abadan ýurdumyzda asylly däbe öwrülen sagdyn-durmuş ýörelgelerine ünsi güýçlendirmek maksady ikitaraplaýyn gol çekilen meýilnamanyň esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýat Baş bilim müdirligine degişli ähli orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endiklerini” öwretmek boýunça Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiň welaýat bölüminiň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda abzallaşdyrylan okuw otagynda bilim işgärleri üçin gurnalan tapgyrlaýyn iki günlik amaly okuw çäreleri dowam edýär. TGÝMJ-niň ýörite tälimçileri tarapyndan okadylýan okuwlar diýseň täsirli hem gyzykly geçýär. Ýol-ulag hadysalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda, çölde we suwda, tokaýlarda duş gelip biläýjek her bir hadysanyň üstünde aýratyn durlup geçildi, bolan hadysa netijesinde ejir çekenleri halas etmek üçin lukmanlar gelmezinden öň, lukmançylykda ulanylýan serişdeler tapylmadyk halatynda gol aşagynda bar zatlardan ýerlikli we dogry peýdalanmagyň usullary görkezildi. Ýaş tapawudyna garamazdan her bir adamyň durmuşynda gabat gelip biläýjek döwük-ýenjiklerde, bogulmalarda, zäherlenmelerde, ýanyklarda, zäherli ýylanyň çakmagynda, mör-möjekleriň ýa-da haýwanlaryň dişlemeginde, ýürek-öýken reanimasiýasynda we tok urmagynda ejir çekene ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň ýollary diňleýjilere prezentasiýalar we tejribeler arkaly giňişleýin öwredildi. Okuw-maslahatyň barşynda diňleýjileriň ýokarda ady agzalan mowzuklar boýunça sowalnamalar arkaly okuwdan öňki we soňky bilimleri barlanyldy. Adamyň ömrüni halas edip, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilen kömegi bermegiň dogry ýollaryny bilmek her birimiziň borjumyzdygy nygtalyp geçildi. Okuwy üstünlikli okap tamamlan bilim işgärlerine “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endiklerini” öwrenendigi baradaky ýörite güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Her birimiziň sagdynlygymyz-jemgyýetimiziň sagdynlygy, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa biziň döwletimiziň abadanlygy we baýlygydyr. Esasy maksadymyz bolsa, bagtly geljegiň hatyrasyna döwrüň talabyna laýyk zähmet çekmekdir.

Dekabr 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
6153960
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
769
1562
8102
51062
6153960

Siziň IP: 44.201.99.222
2022-12-08