Habarlar

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХIII jilti bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Çärä TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri gatnaşdylar. Çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
    Kitapda Hormatly Prezidentimiz bizi, ekilýän we ýabany ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär. Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi bardyr.
    Çäräniň soňunda gatnaşyjylar, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, galamynyň yiti, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Yanwar 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
5529068
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
26
5862
42159
85106
5529068

Siziň IP: 54.161.98.96
2022-01-22