Habarlar

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, şeýle-de zähmetsöýer, watansöýjili, ynsanperwer ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikdäki sanly ulgam arkaly okuw-maslahatlarynyň meilnamasy tassyklandy. Bu meýilnamanyň esasynda ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň, şol sanda ýaş meýletinçileriň arasynda dürli ugurlar boýunça okuw çäreleri sanly ulgam arkaly yzygiderli geçiriler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmeleri bu okuw-maslahatlarynyň ilkinji günlerinde meýletinçiler üçin ýokanç keselleriň öňüni almak, şahsy arassaçylygy berjaý etmegiň düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegiň endikler boýunça interaktiw çykyşlary gurnady. Çykyşlar ýaş meýletinçiler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşy alyndy. Çäräniň soňunda ýaşlar çykyş edijiler bilen sorag-jogap alyşdylar.

Iyun 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
5854937
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
430
1707
60008
57756
5854937

Siziň IP: 44.192.47.87
2022-06-28