Habarlar

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili meýletinçileri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen edara- kärhanalada zähmet çekşan işgarleriň, Türkmenbaşy etrap Çagalar sungat mekdebiniň mugalymlarynyň arasynda sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde “Saglygym-baş baýlygym” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda ýokanç keselleriň öňüni almak, olardan goranmagyň usullary dogrusynda gürrüň edildi. Çärede çykyş edenler her bir adam öz şahsy arassaçylygyny berjaý edip, jemgyýetimiziň sagdyn bolmagyny gazanmalydyr diýip belläp geçdiler. Hormatly Arkadagymyzyň başda durmagynda häzirki döwürde saglyk ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän saglyk merkezleriniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-entiklopedik kitabynda özüniň çuňňur beýanyny tapan, ata-babalarymyzdan däp bolup galan müň derdiň dermany bolan üzärligiň keselleriň ýaýramagyna we ýokançlaryň ýok bolmagyna garşy göreşijilik ukyby örän güýçlidir. Ýaşlara bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyk maslahat berildi. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini dakynmagyň, jemgyýetçilik 2 metr howpsuz aralygy saklamagyň saglygy goramagyň esasy şertleridigini nygtaldy.

 

Yanwar 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
5528989
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5809
1559
42080
85106
5528989

Siziň IP: 54.161.98.96
2022-01-21