Habarlar

        Ýollarymyzyň asuda, hadysasyz bolmagy üçin sürüjiler bilen bir hatarda, köçe-ýol hereketine gatnaşýan ýolagçylaryň, pyýadalaryň her biri jogapkärdir. Şu günlerde TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, Lebap welaýat polisiya müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde bilim-terbiýeçilik edaralarynda, edara-kärhanalarda, welaýatyň çägindäki gara ýollarda, awtoulag sürüjilerini taýýarlaýan ýöriteleşdirilen mekdeplerde yzygiderli wagyz-ündew we amaly okuw çäreleri geçirilýär. Asuda we abadan ýurdumyzda asylly däbe öwrülen şeýle çäreleriň biri hem “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Lebap welaýatyndaky şahamçasynyň işgärleri üçin TGÝMJ-niň LWB-niň edara jaýynda okuw çäresi geçirildi. Lebap welaýat polisiya müdirliginiň Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýasynyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri we TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, diňe biraýlygyň çäklerinde däl-de hemişe ýaşlaryň ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ele almaklaryny we ol talaplary berjaý etmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, şeýle hem, ýollarymyzda hususy ulag serişdeleriniň artmagy sürüjilerden ýol hereketiniň kadalaryny göwnejaý ýerine ýetirmegi talap edýändigini belläp geçdiler, Çykyşlarynyň soňunda şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjeý edip, jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde howpsuz araçägi saklamagyň, öýden daşary çykanda agyz-burun örtüklerini dakynmagyň, elleri sabyn bilen ýuwup, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizlemegiň, sagdyn we dogry iýmitlenmegiň ähmiýetiniň örän uludygyny, wajypdygyny nygtalyp geçildi.

Yanwar 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
5528932
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5752
1559
42023
85106
5528932

Siziň IP: 54.161.98.96
2022-01-21