Habarlar

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gurnamagynda we utgaşdyrmagynda    2021-njy ýylyň 10-njy fewralyndan 26-njy maý aralygynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2012-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy bilen talyp ýaşlary tanyşdyrmak» - atly sanly wideoaragatnaşyk taslamasy geçirildi.
    Taslama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we 11 sany ýokary okuw jaýlarynyň taýýarlan 16 sany sanly wideoaragatnaşyk maslahatlaryny öz içine aldy. Maslahatlaryň diňleýjileriniň aglabasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň dürli taslamalara işjeň gatnaşan meýletinçileri boldy. Maslahatlaryň mowzuklarynyň wajyplygyny bellemek gerek. Bu mowzuklar, ilkinji nobatda, hukuklary emele getirmekde we ösdürmekde, goramakda we berjaý etmekde, ýaşuly nesliň mysalynda watançylyk duýgularyny ösdürmekde, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde döwletiň döredýän giň mümkinçiliklerini ýaýbaňlandyrmaga, şol sanda ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga we ylmy işlere gatnaşmaklaryna gönükdirilendir.
     Ýokarda ady agzalan mowzuklar diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi, talyplar soraglara işjeň jogap berip, maslahatlar tamamlanandan soň hem deň-duşlarynyň arasynda pikir alyşdylar, bu bolsa maslahatlaryň diňe bir bilim beriş ähmiýetli bolman, eýsem ýaşlaryň gözýetiminiň giňelmegine we özara jebisleşmegine uly ýardam berýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

 

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883155
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6509
5036
117615
171006
4883155

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22