Habarlar

       “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileriniň arasynda Aziýanyň merjeni Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli goşgy ýazmak barada basleşik geçilrildi. Bäsleşige gatnaşan meýletinçileriň arasynda 1-nji orta mekdebiň 10-njy ”a” synp okuwçysy Rahymberdiýewa Mähriban “Aşgabat” goşgusy bilen tapawutlanyp 1-nji orna mynasyp boldy. Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgady we hormat haty bilen sylaglandy.

AŞGABAT
Toýlaryň bezegi bedewiň bolsun,
Uçsun asmanyňda akja kepderi,
Alabaýyň ýer-ýüzüne ýaýrasyn,
Gözel Aşgabadym bagtyň mesgeni.

Gözel Aşgabadym nama ýazaýyn,
Joşup-joşup dillerimde beslänim,
Bu gün 140 ýyllyk taryhyň bilen,
Öňe barýar eziz Türkmenistanym!

Saba bäbejikleň sesi ýaňlansyn,
Paýtagt, Aşgabat jägildäp gülsün,
Merjen bilen Maýajyk dünýä gelsin,
Gözel Aşgabadymyň ak säherinde.

Asudalyk, parahatlyk ýoluňa ýardyr,
Ginnesiň kitabynda orunyň bardyr,
Bedew ýaly batly gadamyň bardyr,
Gözel Aşgabadymyň ak binalary.

Iyun 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
4883263
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6617
5036
117723
171006
4883263

Siziň IP: 34.228.52.223
2021-06-22